NATO Agza ýurtlaryň Goranmak ministrleri Brýusselde jemlenişdi

Maslahatda Türkiýä Milli goranmak ministri Fikri Yşyk wekilçilik edýär

673460
NATO Agza ýurtlaryň Goranmak ministrleri Brýusselde jemlenişdi

NATO Agza ýurtlaryň Goranmak ministrleri Brýusselde jemlenişdi.

Mýunhen howpsyzlyk konferensiýasynyň öňüsyrasynda bir ýere jemlenşen ministrler, goranyş çykdajylarynyň artydylmagy meselesini ara alyp maslahatlaşýar.

Maslahatda ünsler kärdeşleri bilen ilkinji gezek duşuşan ABŞ-nyň Goranmak ministri Jeýms Metise gönükdi.

ABŞ-nyň NATO berýän goldawynyň dowam edip etmejekdigi hakyndaky soraglara Metis jogap berdi.

Metis ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginde NATO-nyň esasy rol oýnaýandygyna ünsi çekdi.

Trampyň ýolbaşçylygyndaky täze amerikan hökümetiniň NATO goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatladan ABŞ-nyň Goranmak ministri, NATO agza ýurtlaryň goranyş çykdajylaryny öz üstlerine almalydygyny nygtady.

2 gün dowam etjek maslahatyň öňüsyrasynda beýanat beren NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg hem Trampyň bujet meselesinde Ýewropalylara beren duýduryşyna goldaw berdi.

NATO-nyň 2017-nji ýylda bujetini artdyrmagynyň ähmiýetlidigini ýatlatdy.

Mýunhen Howpsyzlyk maslahatynyň öňüsyrasynda geçirilýän maslahat agza ýurtlaryň arasyndaky garaýyş tapawutlygynyň ortadan aýrylmagy taýdan diýseň möhüm.

Maslahatda Türkiýä Milli goranmak ministri Fikri Yşyk wekilçilik edýär.

 



Degişli Habarlar