NATO Yrakda harby baza açar

NATO terror guramasy DAİŞ-e garşy alyp barýan göreşiniň çäginde Yragyň howpsyzlyk güýçlerine tälim bermek üçin harby baza açar

665959
NATO Yrakda harby baza açar

Dürli ýurtlardan barjak hünärmenler Yragyn howpsyzlyk güýçlerine elde ýasalan partlaýyjylaryň nähili ýok edilmegi barada okuw-seminarlaryny geçer.

Yragyn howpsyzlyk güýçleriniň terror guramasy DAİŞ-e garşy alyp barýan göreşinde netije almagyny üpjün etmek üçin taýarlanan meýilnama NATO-nyn Parahatçylyk we howpsyzlyk üçin ylmy maksatnama laýyklykda durmuşa geçiriler.

İspan goşunynyň polkownigi Huan Enrike Gomez Martin özlerine berilen jogapkärçiligiň partlaýyjylara garşy göreş boýunça NATO goldaw bermekden ybaratdygyny nygtap; “Elde ýasalan partlaýyjylar arzan bahaly ýaraglardyr. Olary ýasamak iňňän ýeňil we diýseň zyýanly. Howp salmak bilen birlikde adamlaryň pida bolmagyna alyp barýar. Şol partlaýyjylara garşy göreşilmeli we ol biziň merkezimiziň borjy” diýdi.



Degişli Habarlar