ABŞ-nyň Prezidenti çalyşdy, emma Siriýa syýasaty üýtgemedi

Pentagondan berilen beýannamada terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-niň ýaragly bölegi ÝPG-ä sowut ulag berilendigi tassyklandy

662851
ABŞ-nyň Prezidenti çalyşdy, emma Siriýa syýasaty üýtgemedi

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada terror guramasy DAİŞ-e garşy söweşýänlere sowutly ulag berilendigi habar berildi.

Pentagonyň metbugat sekretary sowutly ulag ugradandyklaryny tassyklady.

Metbugat sekretary sowutly ulaglaryň DAİŞ-e garşy söweşýänleri Rakka gidişin bombaly hüjümlerden gorajakdygyny aýtdy.

ÝPG-ä berilen goldaw birnäçe wagtdan bäri Türkiýäni biynjalyk edýär. eýsem şol ýaraglaryň ýurduň içinde PKK terrorçylary tarapyndan peýdalanylýandygy anyklanypdy.

Türkiýe wezipä täze başlan Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky Amerikan hökümetine DAİŞ-e garşy göreşilýärkä terror guramasy ÝPG bilen hyzmatdaşlyk edilmeli däldigi barada duýduryş beripdi.



Degişli Habarlar