Siriýadaky oppozisioner toparlar Astana gepleşiklerine gatnaşarlar

Parahatçylyk gepleşiklerine haýsy oppozisioner toparlaryň näçe adam bilen gatnaşjakdygy entek doly beýan edilmedi

652252
Siriýadaky oppozisioner toparlar Astana gepleşiklerine gatnaşarlar

Siriýadaky oppozisioner toparlar Türkiýäniň we Russiýanyň kepil bolmagynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşjakdyklaryny mälim etdiler.

Azat Siriýa goşunynyndan ady beýan edilmedik resmileriň biri Reuters habarlar gullugyna beren beýanatynda: “Astana gitjek toparlaryň ara alyp maslahatlaşmaly ilkinji meseleleri parahatçylyk ylalaşygy we Asada bagly güýçler tarapyndan guralýan hüjümler bolmaly” diýip belledi.

Parahatçylyk gepleşiklerine haýsy oppozisioner toparlaryň näçe adam bilen gatnaşjakdygy entek doly beýan edilmedi.

Beýleki tarapdan siriýaly oppozisioner toparlaryň geçen ýyl Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşan toparlardan tapawutly wekiliýet emele getirmek üçin tagalla edýändikleri öňe sürüldi.

Oppozisioner toparlaryň Astanadaky gepleşiklerde esasan hem parahatçylygyň yglan edilmegi we ynsanperwer kömekleriň mätäçlere ýetirilmegi ýaly meselelerde ylalaşyk gazanmak isleýändikleri nygtalýar.



Degişli Habarlar