“PKK-nyň Yragyň topraklaryny ulanyp, Türkiýä hüjüm guramagyny kabul etmeris”

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Yragyň topraklaryny ulanyp, Türkiýä hüjüm guramagyny kabul etmejekdiklerini nygtady

643662
“PKK-nyň Yragyň topraklaryny ulanyp, Türkiýä hüjüm guramagyny kabul etmeris”

Abadi paýtagt Bagdatdaky Ýaşyl zolakda ýerleşýän hökümet binasynda geçiren metbugat ýygnagynda çykyş edip: “Konstitutsiýamyz oňa rugsat bermeýär” diýip belledi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň 5-6-njy ýanwar aralygynda Yraga gurajak saparynyň üstünde durup geçen Abadi: “Türkiýäniň Premýer ministriniň Yrak sapary ikitaraplaýyn saparlaryň we gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi taýdan netijeli bolar. Hem Türkiýe bilen hem-de beýleki ýurtlar bilen syýasy, howpsyzlyk, ykdysady we söwda gatnaşyklarymyzyň güýçlendirilmegini isleýäris” diýdi.

Yragyň Premýer ministri Mosuly DAIŞ-den saplamak operasiýasy bilen baglanşykly howpsyzlyk güýçleriň DAIŞ-e garşy öňegidişlikler edendigini we guramanyň ýok edilmegi üçin dünýä ýurtlaryndan maglumat çalşygy babatynda goldaw berilmegini talap etdi.

Abadi Mosulda terror guramasyndan saplanan ýerlerde maşgalalara azyk ýazmaçlaryň paýlanmaga we mekdepleriň ýaňadandan açylmaga başlanandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar