Putin bilen Ruhani Siriýa hakynda pikir alyşdy

Iki lider telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

641924
Putin bilen Ruhani Siriýa hakynda pikir alyşdy

 

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani bilen Siriýa meselesi hakynda pikir alyşdy.

Kreml tarapyndan berlen beýanatda iki lideriň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy.

Liderleriň Siriýadaky krizisiň ortadan aýrylmagy üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek meselesinda ylalaşyk gazanandygy bellenildi.

Putin bilen Ruhani, Russiýa bilen Türkiýäniň töwellaçylyk etmeginde ýurduň çar tarapynda hüjümleriň bes edilmegi üçin gazanylan ylalaşygyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Iki lider Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek parahatçylyk gepleşikleri hakynda hem pikir alyşdy.

Siriýada 6 ýyldan bäri dowam edýän söweşde Russiýa bilen Eýran Asada goldaw berýär.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar