Tramp BMG-ny tankyt etdi

"BMG şeýle uly mümkinçilige eýedigine garamazdan häzire çenli diňe ynsanlaryň bir ýere jemlenşip gowy wagt geçirýän ýeri boldy”

638750
Tramp BMG-ny tankyt etdi

 

ABŞ-da 8-nji noýabrda geçirlen prezident saýlawynyň ýeňijisi Donald Tramp Twitter arkaly BMG-ny tankyt etdi.

Tramp Twitter arkaly beren ýüzlenmesinde “BMG şeýle uly mümkinçilige eýedigine garamazdan häzire çenli diňe ynsanlaryň bir ýere jemlenşip gowy wagt geçirýän ýeri boldy. Bu diýseň gynandyryjy” diýdi.

Trampyň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Ysraýylyň Palestinada basyp alan ýerlerindäki bikanun ýaşaýyş ýerleriniň gurluşygyny saklamagy hakynda kabul edilen karardan soň şeýle ýüzlenme bermegi ünsleri özüne çekdi.

Donald Tramp ozal hem BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine hödürlen Ysraýyl hakyndaky kararyň weto edilmegi üçin çagyryş beripdi.

 



Degişli Habarlar