Indoneziýada güýçli ýer titremesi boldy

Tebigy heläkçilikde ilkinji kesgitlemelere görä 90 adam ýogaldy

625182
Indoneziýada güýçli ýer titremesi boldy

Indoneziýada 6,4 bal ululygynda bolan ýer titremesinde ilkinji kesgitlemelere görä 90 adam ýogaldy.

Köp sanda adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan ýer titremede onlarça bina zeper ýetdi.

Harabalyklaryň aşagyndan häzirki wagta çenli 50 adam çykaryldy.

Güýçli ýer titreme sebäpli elektrik geçirjilerde zeper ýetdi.

Ýer titremäniň güýç merkezi Bumatra adasy bolup, resmiler sunami howpynyň ýokdugyny habar berdiler.

ABŞ-nyň Geologiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda ýer titremäniň ýeriň 10 km aşagynda emele gelendigi mälim edildi.

Indoneziýada 2004-nji ýylda 9,4 bal ululygyndan bolan ýer titremede we ondan soň bolan sunamide 120 müňden gowrak adam ýogaldy.



Degişli Habarlar