Santos Braziliýanyň halkyna ýurdunyň adyndan gynanç bildirdi

Santos Braziliýanyň halkyna ýurdunyň adyndan gynanç bildirdi

620489
Santos Braziliýanyň halkyna ýurdunyň adyndan gynanç bildirdi

Kolumbiýanyň Prezidenti Ýan Manuel Santos ýurdunda bolan uçar heläkçiliginden 6 adamyň ýaraly ýagdaýda halas bolandygyny mälim etdi.

Santos halas bolanlaryň ikisiniň ýagdaýynyň agyrdygyny nygtady.

Santos Braziliýanyň halkyna ýurdunyň adyndan gynanç bildirdi.

Santos uçaryň iki gara gutusynyň tapylandygyny belledi.

Uçar heläkçiliginden soň Braziliýada üç günlük milli ýas edildi.

Beýleki tarapdan Kolumbiýanyň ýaragly güýçleri jesetleri Medellin şäherine getirýär.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri uçaryň ýangyjynyň azalmagy sebäpli elektrik togynda näsazlygyň ýüze çykandygyny öňe sürýär.

Amatsyz howa şertleriniň hem heläkçilige sebäp bolandygy nygtalýar.

Heläkçilikden ýaraly ýagdaýda halas bolan Çapekoense komandasynyň derwezeçisi 24 ýaşyndaky Jekson Follmanyň hem aýaklarynyň kesilendigi aýdylýar.

72 ýolagçysy we 9 ekipažy bilen Boliwiýadan uçan uçar halkara Medellin howa menziline gonmaga taýarlanýarka heläkçilige uçrapdy.

 



Degişli Habarlar