Russiýa Halkara jenaýat kazyýetiniň düzüminden çykar

Putin degişli kararnama barada BMG-nyň Baş sekretaryna maglumat berilmegini isledi

612340
Russiýa Halkara jenaýat kazyýetiniň düzüminden çykar

Russiýanyň hökümeti tarapyndan berilen beýanata görä ýurduň Prezidenti Wladimir Putin ýurdunyň Halkara jenaýat kazyýetiniň düzüminden çykmagy baradaky kararnamany Adalat ministrliginiň maslahatyna we Daşary işler ministrliginiň tassyklamagyna laýyklykda gol çekdi.

Putin degişli kararnama barada BMG-nyň Baş sekretaryna maglumat berilmegini isledi.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow Rim statusyndan aýrylmagyň Russiýanyň bähbidinedigini belledi.

Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda bolsa Halkara jenaýat kazyýetiniň hakykatdan hem özbaşdak we täsirli gurama däldigi mälim edildi.



Degişli Habarlar