Russiýa we Asada bagly güýçler Idlibe howa hüjümi gurady

Howa hüjümlerinde jemi 9 adam ýogaldy

606454
Russiýa we Asada bagly güýçler Idlibe howa hüjümi gurady

Siriýanyň Idlib şäherinde ýaşaýyş ýerlerine guralan howa hüjümlerinde 7-si çaga bolan 9 adam ýogaldy.

Biri agyr aýak bolan 2 zenan hem ýogalanlaryň arasynda.

Idlibiň graždan goranyşnyň resmisi Ömer Ulwan Başar Asada bagly güýçleriň harby uçarlarynyň Idlibiň Han Şeýhun etrabynda asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerini nyşana alyp guran hüjüminde 9 adamyň ýogalandygyny, onlarça adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Asada tabynlykdaky güýçleriň we Russiýanyň uçarlarynyň Binniş şäherçesinde hem ýaşaýyş ýerlerini nyaşana aldy diýen Ulwan bu hüjümde hem ýaralanan adamlaryň bardygyny habar berdi.

Ýaralanan adamlaryň sebitdäki meýdan hassahanasynda bejergi astyna alynandygyny bellän Ulwan hüjümde köp sanda bina zeper ýetendigini belledi.



Degişli Habarlar