Maltada Fronteks işgärlerini daşaýan uçar ýere gaçdy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 5 adam ýogaldy

595772
Maltada Fronteks işgärlerini daşaýan uçar ýere gaçdy

Maltada Ýewropa Bileleşigi Serhet agentligi Fronteksiň işgärlerini daşaýan uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 5 adam ýogaldy.

Maltadan Liwiýanyň Misrata şäherine gitmek üçin uçan uçar ýokaryk galanyndan gysga wagt soň ýere gaçdy.

Uçaryň 10 adamlykdygy, 2 sany propellerli Metroliner kysymly uçar bolandygy we Fronteksiň işgärleri üçin Lýuksemburgdan kärendä alynandygy habar berildi.

Häzirki wagta çenli 5 adamyň jesediniň tapylandygy we gözleg işleriniň dowam edýändigi mälim edildi.

Ýogalanlaryň haýsy ýurtlaryň raýatydygy entek beýan edilmedi.



Degişli Habarlar