Siriýada başdan geçirilýän krizis sebäpli Russiýa goşmaça çäklendirme goýlar

Russiýa goýlan çäklendirmeler elbetde zyýan berýär, emma çäklendirme goýanlar asla maksadyna ýetmez”

591203
Siriýada başdan geçirilýän krizis sebäpli Russiýa goşmaça çäklendirme goýlar

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Siriýada başdan geçirilýän krizis sebäpli Russiýa täze çäklendirmeleriň goýlup bilinjekdigini aýtdy.

Kerri; “Siriýada başdan geçirilýän wakalar sebäpli goşmaça çäklendirmeleriň goýulmagy meselesini ara alyp maslahatlaşýarys we birnäçe günüň dowamynda karar kabul ediler” diýdi.

Britaniýanyň Daşary işler ministri Boris Jonson hem Russiýa çäklendirmeler arkaly basyş edilmegine goldaw berdi.

Jonson Siriýa meselesinde garalan köp taraply maslahatdan soň beren beýanatynda “Basyşlar Russiýa täsirini ýetirmäge başlady we basyşlaryň dowam etmegi diýseň möhüm” diýdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bolsa köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýanatynda “Russiýa goýlan çäklendirmeler elbetde zyýan berýär, emma çäklendirme goýanlar asla maksadyna ýetmez” diýip belledi.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Russiýa , #embargo , #sanksiýa

Degişli Habarlar