Fransiýa bilen Russiýanyň arasynda Halap dartgynlygy…

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Fransiýa sapar guramakdan ýüz öwürdi

587385
Fransiýa bilen Russiýanyň arasynda Halap dartgynlygy…

 

Fransiýa bilen Russiýanyň arasynda Fransiýanyň Halap meselesinde taýarlan taslamasynyň geçen hepde BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Russiýa tarapyndan weto edilmegi sebäpli başlan dartgynlyk möwjeýär.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Fransiýa sapar guramakdan ýüz öwürdi.

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow  Wladimir Putiniň 19-njy oktýabrda Fransiýa gurajak saparynyň goý bolsun edilendigini mälim etdi.

Käbir töwerekler Siriýanyň Halap şäherinde başdan geçirilýän soňky wakalaryň iki ýurduň arasynda dartgynlyga sebäp bolandygyny öňe sürýär.

Fransiýanyň Daşary işler ministri Halapda başdan geçirilýän wakalardan rus ýolbaşçylarynyň jogapkärdigini nygtady we mesele hakynda Halkara jenaýat kaziýetine ýüz tutmak isleýändiklerini mälim edipdi.

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland bolsa weto kararyndan soň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 19-njy oktýabrda Parižde myhman almak islemeýändigini aýdypdy.

 

 


Etiketkalar: #Russiýa , #weto , #resmi sapar

Degişli Habarlar