ABŞ we Russiýa ýokary derejeli telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

Siriýa meselesi boýunça özara gepleşikleri bes eden ABŞ bilen Russiýa ýokary derejeli telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

583899
ABŞ we Russiýa ýokary derejeli telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Mark Toner Döwlet sekretary Jon Kerriniň Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Siriýa meselesine çözgüt tapmak üçin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmäge dowam edýändigini aýtdy

Toner: “Halapda başdan geçirilenleri göz öňünde tutup, Lawrow bilen yzgiderli häsýetde gepleşik geçirmezlik jogapkärçiliksizlik bolar” diýdi.

Toner Kerriniň soňky 24 sagadyn dowamynda Britaniýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Kataryň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini beýan etdi.

Amerikanyň Döwlet sekretarlygy Russiýanyň Siriýada beren wadasynda durmandygyny we çaknyşyklaryň bes edilmegi baradaky ylalaşykda ýetilen sepgidi sebäp hökmünde görkezip, özara gatnaşyklaryň bes edendigini habar beripdi.

Resmi Moskwa Waşington bilen 2013-nji ýylda gol çekişilen ylmy barlag, energetika we ýadro ugurlaryndaky ylalaşygyny saklandygyny habar berdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ABŞ bilen plutonyň ýok edilmegi baradaky ylalaşygyň saklanmagy baradaky karara gol goýupdy.



Degişli Habarlar