“Russiýa, siriýanyň halkynyň duşmanydyr. Putin Halaby ýakýar”

Russiýany siriýanyň halkyna garşy guraýan hüjümleriniň 1-nji ýylynda protest ýörişi guraldy

580732
“Russiýa, siriýanyň halkynyň duşmanydyr. Putin Halaby ýakýar”

Russiýanyň siriýanyň halkyna garşy guraýan hüjümleriniň 1-nji ýylynda paýtagty Damaskyň gündogarynda ýerleşýän etraplarda protest ýörişi guraldy.

Damaskyň Gündogar Guta etrabynda jemlenşen demonstrantlar Russiýanyň siriýanyň halkyna guraýan hüjümlerini ýazgardy.

Hökümete we Russiýa garşy şygarlar aýdan siriýalylaryň bir bölegi Asada goldaw berýän Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň suratlaryny ýakdy.

Ýörişde “Russiýa, siriýanyň halkynyň duşmanydyr. Putin Halaby ýakýar”diýlen şygarlar göterildi.

Ýörişe gatnaşanlardan Samir Tatin “Russiýa terror guramasy DAİŞ-e garşy söweşmek üçin Siriýa harby uçarlaryny ugratdy, emma şol uçarlar her gün asuda ilaty öldürýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar