Moskwada ýangyn sebäpli 17 işçi ýogaldy

Ýangynda ýogalanlaryň esasy böleginiň bosgun işçilerdigi nygtalýar

560369
Moskwada ýangyn sebäpli 17 işçi ýogaldy

 

Russiýanyň paýtagty Moskwanyň demirgazygynda ýerleşýän senagat zolagyndaky ammarlaryň birinde bolan ýangyn sebäpli 17 adam ýogaldy.

Ýangyn söndürijiler ammardaky işçileriň tüsse sebäpli bogulandygyny habar berdi.

Ýangynda ýogalanlaryň esasy böleginiň bosgun işçilerdigi nygtalýar.

Ýangynyň sebäbiniň anyklanylmagy üçin derňew işi gozgaldy.

 

 

 



Degişli Habarlar