Italiýada bolan ýer titremesinde 278 adam ýogaldy

Ýer titremesinde ýogalanlaryň 21-i çaga

Italiýada bolan ýer titremesinde 278 adam ýogaldy

Italiýanyň paýtagty Rimiň 140 kilometr gündogarynda çarşenbe güni ir ertir bolan we 20 sekunt dowam eden 6,2 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 278 adama ýetdi.

Ýer titremesinde ýogalanlaryň 21-i çaga.

Ýogalanlaryň arasynda Britaniýanyň, Ruminiýanyň we Kanadanyň raýatlary hem bar.

Dereksiz ýitenleriň sanynyň köplügi sebäpli ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirilýär.

6.2 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň kiçi sarsgynlar dowam edýär.

Ýer titremesiniň onsuz hem ykdysady taýdan agyr günleri başdan geçirýän Italiýanyň syýahatçylyk pudagyna ýaramaz täsirini ýetirmegine alada bildirilýär.



Degişli Habarlar