Eýran Russiýa harby howa bazasyny berdimi?

Eýran Russiýa howa bazasynyň berilendigi baradaky habarlaryň nädogrylygyny beýan etdi

553830
Eýran Russiýa harby howa bazasyny berdimi?

Eýranyň Mejlisiniň Başlygy Ali Larijani ýurdunyň Russiýa Siriýa guraýan operasiýalarynda peýdalanmak üçin harby howa bazasyny berendigi baradaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini aýtdy.

Eýranyň resmi habarlar gullugy “İRNA-nyň” habar bermegine görä Larijani, Mejlisde çykyş eden Milli howpsyzlyk we daşary syýasat komissiýasynyň agzasy Haşmetullah Falahatpişäniň rus uçarlarynyň Hamadan howa bazasyna ornaşdyrylmagynyň konstitutsiýa bap gelmeýändigini baradaky sözlerine jogap hökmünde mediada Eýranyň Russiýa harby baza berendigi baradaky habarlaryň nädogrydygyny aýtdy.

Larijani ýurtda daşary ýurtlaryň harby bazasynyň bolmagynyň konstitutsiýanyň 146-njy maddasyna görä gadagandygyny ýatlatdy.

Ali Larijani: “Eýran hyzmatdaşy Russiýa bilen Siriýa ýaly sebitleýin meselelerde arkalaşýar. Bu arkalaşyk Russiýa harby baza berendigimizi aňlatmaýar. Eýran Russiýa ýa-da haýsydyr bir ýurda harby baza bermedi” diýdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden düýn berilen beýanatda TU-22M3 we SU-34 kysymly rus harby uçarlarynyň Eýranyň Hemedan howa bazasyndan uçup, Siriýadaky nyşanalary urandygy habar berilipdi.

 



Degişli Habarlar