Russiýa Ukrainanyň hüjüm üçin taýarlyk görýändigini öňe sürdi

Russiýa Ukrainanyň Kryma sabotažçylary iberendigini we hüjüm üçin taýarlyk görýändigini öňe sürdi

550114
Russiýa Ukrainanyň hüjüm üçin taýarlyk görýändigini öňe sürdi

Krym serhediniň golaýyna harby bölümleri ýerleşdiren Ukrainanyň hökümeti bolsa aýyplamalary prowokasiýa hökmünde häsýetlendirdi.

Ukrainanyň döwlet ýolbaşçysy Petro Poroşenko Krym serhedindäki we Ukrainanyň gündogaryndaky harby bölümlere söweş ýagdaýyna geçilmegi üçin buýruk berendigini belledi.

2014-nji ýylda Ukrainanyň gündogaryndaky Russiýanyň tarapdary separatist toparlar bilen Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň arasynda başlan çaknyşyklar Krymyň Russiýa tarapyndan anneksiýa edilmegi bilen netijelendi.

Çaknyşyklarda häzirki wagta çenli müňlerçe adam ýogaldy.

Resmi Moskwany Ukrainadaky gözgalaňçylara gönüden-göni goldaw bermek bilen aýyplaýan ABŞ we ÝB bolsa Russiýa garşy ykdysady sanksiýalar girizmeklerini dowam etdirýärler.



Degişli Habarlar