Owganystanyň Logar welaýatynda Pakistana degişli dik uçar ýere gaçdy

Taliban bolsa waka bilen baglanşykly entek beýenat bermedi

Owganystanyň Logar welaýatynda Pakistana degişli dik uçar ýere gaçdy

 

Pakistanyň Logar welaýatynyň metbugat geňeşçisi Selim Saleh Pakistana degişli bir dik uçaryň Logar welaýatynyň Azra etrabynda Talibanyň gözegçiligi astyndaky sebitde ýere gaçandygyny mälim etdi.

Saleh ýere gaçanyndan soň ýanan dik uçaryň uçarmanlaryna we içindäki adamlara näme bolandygyny bilmeýändiklerini habar berdi.

Pakistanyň Owganystandaky ilçihananyň metbugat geňeşçisi Akhtar Munir hem Pakistana degişli bir MI-17 dik uçarynyň Logar welaýatynda ýere gaçandygyny we uçarmanlaryna näme bolandygyny bilmeýändiklerini belledi.

Owgan resmiler Owganystanyň howa giňişligini ulanmaga rugsat berilen dik uçardaky 6-sy pakistanly, 1-i rus 7 adamyň Taliban tarapyndan zamun alynandygyny öňe sürýärler.

Taliban bolsa waka bilen baglanşykly entek beýenat bermedi.



Degişli Habarlar