Eýran FETÖ/PDÝ-nyň agdarlyşyk synanşygy bilen ýakyndan gyzyklandy

Eýran Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy bilen  ýakyndan gyzyklandy

Eýran FETÖ/PDÝ-nyň  agdarlyşyk synanşygy bilen ýakyndan gyzyklandy

Türkiýäniň Tasnim habarlar gullugyna beýanat beren Türkiýäniň Eýrandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ryza Hakan Tekin, Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň agdarlyşyk synanşygyndan soň Prezident Erdogana telefon edip  Türkiýä goldaw berýändiklerini aýdandygyny we “daň atýança uklamadym”diýendigini aýtdy.

Baş ilçi “Ruhany agdarlyşyk synanşygyndan soň Erdogana telefon etdi we daň atýança uklamandygyny we mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny aýtdy” diýdi.

Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý hem ABŞ-nyň duşmançylygynyň Eýran bilen çäkli bolmandygyna ünsi çekdi.

Hamaneý “Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygynyň arkasynda ABŞ-nyň bardygy öňe sürülýär. Öňe sürülýän garaýyşlar subut edilen halatynda bu ABŞ üçin utandyryjy waka bolar” diýdi.

Hamaneý Amerikanyň güýjüniň Yrakda, Siriýada we başga ýerlerde gün saýyn azalýandygyna ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar