YHG FETÖ/PDÝ-ni terror guramasy hökmünde yglan etdi

Saud Arabystanyň Jidde şäherinde jemlenen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 43-nji maslahatyna taýarlyk ýygnagyna gatnaşyjylar Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamyny terror guramasy hökmünde ykrar etdi

YHG FETÖ/PDÝ-ni terror guramasy hökmünde yglan etdi

Guramanyň 43-nji maslahatyna görülýän taýarlyklary seljeren 57 ýurduň Daşary işler ministri karara goldaw berdi, Müsüriň Daşary wekili bolsa: “Esasy köplügiň kararyna sarpa goýýarys, emma ýene-de biz bu meseläni resmi Kair bilen ara alyp maslahatlaşmaly” diýdi, we agza ýurtlaryň tassyklan taslamasyny goldamady.

Müsür mundan ozal BMG-niň Türkiýedäki 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygyny ýazgarýan jarnamasyna ses bermekden saklanypdy.



Degişli Habarlar