FETÖ/PDÝ ABŞ-daky iň soňky mekdebini Las-Wegasda açdy

FETÖ/PDÝ terror guramasyna degişli mekdep täze okuw ýyla 22-nji awgustda başlar

539531
FETÖ/PDÝ ABŞ-daky iň soňky mekdebini Las-Wegasda açdy

 

Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamyna degişli täze mekdep ABŞ-nyň Harby howa güýçleriniň Harby merkeziniň ýerleşýän ýeri bolan we dünýäniň iň uly söweş tälim missiýasyna eýe bolan Nellis howa bazasynda açyldy.

"Coral Academy of Science Las Vegas" ady bilen işine başlan mekdebiň açylyş dabarasyna bazanyň serkerdesi polkownik William Norton mekdebiň müdüri Erjan Aýdogana mekdebiň açaryny gowşurdy.

FETÖ/PDÝ terror guramasyna degişli mekdep 22-nji awgustda täze okuw ýylyna başlar.

Esasan hem bilim ugrunda ýaýbaňlanan Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň Bosniýada 15 mekdebi, Albaniýada 12 mekdebi, Makedoniýada 7 mekdebi, Kosowada 5 mekdebi we Serbiýada 1 mekdebi bar.

FETÖ terror guramasy bilen arabaglanşygy bolan guramadyr edaralar Günbatar Balkan ýurtlarynda diňe bilim ugrunda däl, eýsem beýleki ençeme ugurlarda hem iş alyp barýar.



Degişli Habarlar