ABŞ Russiýa Siriýada harby taýdan bilelikde hereket etmek üçin teklip hödürledi

Bu barasynda “Waşington Post” gazeti ýazdy

529691
ABŞ Russiýa Siriýada harby taýdan bilelikde hereket etmek üçin teklip hödürledi

“Waşington Post” gazetiniň çap eden resminamasyna görä Siriýada umumy nyşanalaryň bombalanmagy baradaky çagyryşy öz içine alýan teklip serkerdelik-ýerine ýetiriş merkezleriniň döredilip, bilelikde hereket edilmegini nazarda tutýar.

İordaniýanyň paýtagty Ammanda açylmagy teklip edilýän merkezde amerikan we rus esgerleriniň bilelikde işleşmegi meýilleşdirilýär.

Resminamada Siriýada DAEŞ-e we Al Nusra degişli ýerleriň bombalanmagy we iki ýurduň howpsyzlyk tejribesini birleşdirip, howa hereketi bilen şol guramalara hüjüm guramak baradaky teklipler bar.

Amerikan hökümeti sekiz sahypadan ybarat bolan teklipde Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň diňe Russiýa we ABŞ tarapyndan kesgitlenen ýerlere hüjüm etmelidigi nygtalýar.

Russiýanyň Siriýada çaknyşyklaryň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň doly berjeý edilmegi baradaky çagyryşa orun berilýän teklipde, Amerikan hökümeti resmi Moskwadan Siriýada syýasy geçiş tapgyryna goşant goşmagyny isleýär.

Şu gün sapar bilen Russiýa barjak döwlet Sekretary Jon Kerriniň resmi Moskwa bilen şu mesele boýunça pikir alyşmagyna garaşylýar.

Beýleki tarapdan Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jaş Ernest gündelik metbugat ýygnagynda iki ýurduň Siriýada harby operasiýa guralmagy barada ylalkaşandygy hakyndaky habarlary görendiklerini nygtap: “Häzirki wagtda ABŞ Russiýa bilen ne harby operasiýa guraýar ne-de utgaşdyrýar” diýdi.

“Ylalaşyk gazanylma ähtimallygy barada käbir myş-myşlaryň bardygyny bilýärin” diýen Ernest, emme onuň iş ýüzüne geçip-geçmejekdiginiň näbellidigini aýtdy.

Ernest Russiýanyň Siriýadaky pozisiýasyndan peýdalanmak üçin möhüm kararlary kabul etmelidigini nygtap: “Olar goşunyny Asady goldamak üçinmi, ýogsam radikallary yzarlamak üçin ulanjakdygyna karar bermeli. Biziň nukdaý nazarymyzdan ikisinem edip bilmersiňiz” diýdi.



Degişli Habarlar