NATO we Russiýa ýene-de ylalaşmady…

İlçiler derejesinde geçirilen NATO-Russiýa Geňeşiniň maslahatynda taraplaryň arasynda bir netijä gelinip bilinmedi

528980
NATO we Russiýa ýene-de ylalaşmady…

Russiýanyň 2014-nji ýylda Krymy anneksiýasyndan soň NATO-Russiýa Geňeşi ikinji maslahatyny geçirdi.

Maslahatda Russiýada biynjalyklyk döreden harby hereketleri bilen üstümizdäki aýyň 8-9-y aralyğynda NATO-yň Warşawada geçirilen maslahalatynda kabul edilen kararlar barada pikir alyşyldy.

Maslahatda ýene-de bir netijä gelinmedi.

NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberg Geňeşiň dialog taýdan ähmiýetini dowam etdirýändigini nygtap: “Şu gün bir netije çymmady. Emma iki tarap hem pozisiýasyny beýan etdi” diýdi.

NATO-nyň agzalarynyň Ukrainanyň territorial bitewiligine we özygyýarlylygyna berýän goldawyny dowam etdirýändigini nygtan Stoltenberg: “Minsk Ylalaşygyna gol goýanlar beren wadasynda durmaly we Russiýanyň bu meselede uly jogapkärçiligi bar” diýdi.

Russiýanyň hereketleriniň Ýewropa-Atlantik howpsyzlygynyň ýany bilen NATO-Russiýa gatnaşyklaryna-da wehim salýandygyny beýan eden Stoltenberg, Ukrainanyň gündogaryndaky meseläniň parahatçylykly ýollarda çözülmeginiň gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa Ýewropa kontinentinde Russiýany ýekirme syýasatynyň alynyp barylýandygyny aýtdy.

NAT-Russiýa gatnaşyklary Russiýanyň Krymy anneksiýasy bilen birlikde 2014-nji ýylda dolulygyna kesilipdi.



Degişli Habarlar