Ýemende bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy

Esgerler bilen hüjümçileriň arasynda çaknyşyklar dowam edýär

524766
Ýemende bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy

Ýemeniň wagtlaýyn paýtagty Aden şäheriniň Sawlaban atly harby bazasyna bomba ýüklenen 2 aýry ulag bilen guralan hüjümde 6 esger ýogaldy.

Hüjümçiler bomba ýüklenen ulagyň birinjisini harby bazanyň girelgesinde partlatdylar.

Bomba ýüklenen ikinji ulag bolsa bazanyň içinde partladyldy.

Partlamadan soň hüjümçiler bazanyň içine girip esgerlere hüjüm etdiler.

Baza goşmaça harby güýçler ugradyldy.

Esgerler bilen hüjümçileriň arasynda çaknyşyklar dowam edýär.



Degişli Habarlar