Owganystanyň demirgazygynda partlama boldy

Partlamada 11 adam ýogaldy

Owganystanyň demirgazygynda partlama boldy

 

Owganystanyň demirgazygyndaky Baglan welaýatynda bolan partlamada 11 adam ýogaldy.

Baglan welaýatynyň Kaýsarhil sebitinde ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň asuda ilaty daşaýan ulagyň geçýän wagty partladylmagy netijesinde 5-si çaga bolan 11 adam ýogaldy, 3 çaga ýaralandy.

Bomba Taliban tarapyndan ýerleşdirilendigi habar berdildi.


Etiketkalar: partlama , Owganystan

Degişli Habarlar