Hytaý bilen Ýaponiýanyň arasynda daşary işler ministrleri derejesinde gepleşik geçirildi

“Hytaý, Ýaponiýa bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär”

Hytaý bilen Ýaponiýanyň arasynda daşary işler ministrleri derejesinde gepleşik geçirildi

Hytaý bilen Ýaponiýanyň arasynda birnäçe wagt soň ilkinji gezek daşary işler ministrleri derejesinde gepleşik geçirildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wang Ýi resmi sapar bilen Hytaýa baran Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Fumio Kishida bilen paýtagt Pekinde duşuşdy.

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang duşuşykda Hytaý bilen Ýaponiýanyň iki goňşy ýurtdygyny nygtady we “Hytaý, Ýaponiýa bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär” diýdi.

Fumio Kishidanyň saparynyň Hytaý bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarda öňe gidişlik edilmegine itergi bermegini umyt edýändigini nygtan Wang taraplaryň gapma garşylykly tutum alyp barmagyň ýerine ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň möhümdigini belledi.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Kishida hem iki ýurduň arasynda ýygy-ýygyndan resmi saparlaryň guralmagyny isleýändigini belledi we Ýaponiýada soňky ýer titremesine uly gynanç bildirdikleri sebäpli Hytaýly kärdeşine öz minnetdarlygyny bildirdi.

 

 

 

 


Etiketkalar: Hytaý , Ýaponiýa

Degişli Habarlar