Gollandiýanyň howa menzilinde terror howpy...

Waka bilen baglanşykly 1 adam tussag edildi

470041
Gollandiýanyň howa menzilinde terror howpy...

Gollandiýanyň paýtagty Amsetrdamdaky Skiphol howa menziliniň bir bölegi şübhelenilýän paket sebäpli ýapyldy.

Waka bilen baglanşykly 1 adam tussag edildi.

Howa menziliniň howpsyzlygy üpjün edilýänçä çenli žandarma güýçleri howa menziliniň paket ýerleşýän bölümini boşaltdylar.

Agyr ýaraglar bilen howa menziliniň içinde we daşynda giň-gerimli howpsyzlyk çäreler alyndy, ýolagçylaryň girmeklerine we çykmaklaryna rugsat berilmedi.

Emma uçar gatnawlarynda bökdençilikler emele gelmedi.

Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki howa menzilinde geçen aý guralan terrorçylykly hüjümden soň Ýewropada howpsyzlyk çäreleri artdyryldy.



Degişli Habarlar