Bahreýinde dünýäniň iň uly deňiz türgenleşigi geçirilýär

Türgenleşige 6 materikden 300 ýurt gatnaşýar

468521
Bahreýinde dünýäniň iň uly deňiz türgenleşigi geçirilýär

Bahreýinde Amerikanyň deňiz flodynyň ýolbaşçylyk etmeginde dünýäniň iň uly deňiz türgenleşigi geçirilýär.

Türgenleşige 6 materikden 300 ýurt gatnaşýar.

Deňiz türgenleşiginde DEAŞ we Al Kaida ýaly terror guramalarynyň hüjümlerine garşy halkara söwda ýollarynyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin harby hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri gözden geçirler.

Türgenleşikde deňiz güýçleriniň esasan hem söwda gämilerini nyşana alan terrorçylykly hüjümlere garşy has täsirli ýagdaýa getirilmegi maksat edinilýär.

Hünärmenler deňiz güýçleriniň harby tälim üçin iň gowy ýeriň saýlanyp alynandygyna ünsi çekýär.



Degişli Habarlar