Albaniýada dik uçar ýere gaçdy

Wakada 2 adam ýogaldy

Albaniýada dik uçar ýere gaçdy

Albaniýanyň demirgazygyndaky Işkodranyň golaýyndaky Malesia e Madhe sebitinde harby dik uçar ýere gaçdy.

Ýurduň Goranmak ministrliginiň beren ýazmaça beýanatynda sebitde tälim uçuşyyny ýerine ýetiren harby dik uçardaky 3 işgäriň ikisiniň ýogalandygy habar berildi.

Dik uçardaky 3-nji adamyň ýaraly ýagdaýda halas bolandygy we hassahana bejergi astyna alynandygy beýanatda aýdylýar.

Goranmak ministri Mimi Kodheli we Saglygy goraýyş ministri Ilir Begja hassahana baryp ýaralanan adamyň ýagdaýy barada maglumat alandygy mälim edildi.



Degişli Habarlar