Jon Kerri Moskwa bardy

Jon Kerri rus ýolbaşçylar bilen Siriýa meselesinde ýetilen sepgit hakynda pikir alyşar

457178
Jon Kerri Moskwa bardy


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Moskwa bardy.

Jon Kerri saparynyň çäginde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşar

Kerriniň duşuşyklarda Siriýadaky geçiş etaby meselesinde ýurdunyň garaýyşlary hakynda rus tarapyna maglumat bermegine garaşylýar.

Jon Kerri rus ýolbaşçylar bilen Siriýa meselesinde ýetilen sepgit hakynda pikir alyşar.

Jon Kerriniň saparynyň çäginde şeýle hem Ukraina krizisi bilen halkara howpsyzlyk meselesiniň gün tertibine getirilmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar