Deňizlerde diňe 1 aýda 60-sy çaga bolan 368 adam ýogaldy

Halkara Bosgun guramasy diňe şu ýylyň ýanwar aýynda Ýewropa deňizleriň üsti bilen geçmek islän 60-sy çaga bolan 368 adamyň ýogalandygyny mälim etdi

426715
Deňizlerde diňe 1 aýda 60-sy çaga bolan 368 adam ýogaldy

Halkara Bosgun guramasynyň metbugat geňeşçisi Žoel Millman BMG-nyň Ženewadaky merkezinde geçirilen metbugat işgärleriniň ýygnagynda şu ýylyň ilkinji aýynda 67 müň 193 bosgunyň deňiz arkaly Ýewropa gelendigini habar berdi.

Millman 2016-nji ýylyň ýanwar aýynda 272-si Egeý deňizinde, 96-sy Ortaýer deňizinde bolmak bilen jemi 368 bosgunyň Ýewropa geçmek islän wagty deňizlerde gark bolup ýogalandyklaryny mälim etdi.

Geçen ýyl deňizleriň üsti bilen Ýewropa 1 million 11 müň adam geçdi.

ÝUNISEF-iň metbugat geňeşçisi Sarah Krowe bolsa Ýewropa deňizleriň üsti bilen geçen çagalaryň we zenanlaryň sanynyň erkeklere garanyňda artandygyny belläp: “Ýewropa şu ýyl deňizleriň üsti bilen geçen bosgunlaryň sanynyň 60 göterimi zenanlardan we çagalardan ybarat. Şu ýylyň ilkinji aýynda Ýewropa Egeý deňiziniň üsti bilen geçen bosgunlaryň 36 göterimi çagalardan ybarat” diýdi.



Degişli Habarlar