Eýranyň Prezidenti Fransiýada protest edildi

Protest ýörişe ýüzlerçe adam gatnaşdy

425695
Eýranyň Prezidenti Fransiýada protest edildi

Fransiýada Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani protest edildi.

Parižde guralan protest ýörişe ýüzlerçe adam gatnaşyp, protestçiler Eýranyň berýän ölüm jezalaryna nägilelik bildirdiler we Prezident Ruhana garşy şygarlar aýtdylar.

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Ollandyň bilen Eýranyň Prezidenti hasan Ruhaniniň bilelikde geçiren metbugat işgärleriniň ýygnagynyň dowam edýän wagty Inwalides meýdançasynda ýüzlerçe adam Hasan Ruhanini protest etdi.

“2 ýylda 2 müň adam”, “Ýok bolsun Ruhani”, “Eýrandaky ölüm jezalaryny bes ediň” ýazgyly şygarlary göterýän adamlar şäheriň Denfert meýdançasyndan Inwalides meýdançasyna çenli ýörediler.

Şem we Eýranda asylyp öldürilen adamlaryň suratlaryny göteren demonstrantlar Ruhana garşy şygarlar aýtdylar



Degişli Habarlar