Pakistanda bazara bombaly hüjüm guraldy

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan bolmady

408384
Pakistanda bazara bombaly hüjüm guraldy

Pakistanyň Paraçynar şäherinde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 22 adam ýogaldy, 45 adam ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan bolmady.

Ýurduň demirgazyk-günbataryndaky ýarym özbaşdak sebit bolan Kürrem sebitiniň merkezi Paraçynar şäheri şaýy we sünni toparlaryň arasynda dartgynly bolan sebitleriň biri bolup durýar.

Sebitdäki şaýylara garşy ozal hem Al Kaýda we Taliban tarapyndan ençeme gezek hüjüm guralypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar