BMG-nyň Howa çalşygy maslahaty öz işini tamamlaýar

taýarlanan taslama tekst taraplara hödürlendi

407218
BMG-nyň Howa çalşygy maslahaty öz işini tamamlaýar

Fransiýanyň paýtagty Parižde 30-njy noýabrda başlan BMG-nyň Howa çalşygy maslahaty öz işini tamamlaýar.
Jekeleşikli geçen oturlyşyklardan soň taýarlanan taslama tekst taraplara hödürlendi.
Taýarlanan ylalaşyk teksti Fransiýanyň Daşary işler ministri Loran Fabius tarapyndan okaldy.
Fabius taslama tekstiň deňagramly ýagdaýdadygyny we kabul edilmeginiň taryhy öwrülşik nokady boljakdygyny aýtdy.
Taslama tekstde global ýylylygyň artyşynyň 2 derejäniň aşagynda tutulmagy maksat edinilýär.
Ösüp barýan ýurtlara howa çalşygyna garşy göreş üçin 100 milliard dollarlyk pul kömeginiň berilmegi meýilleşdirilýär.
Ylalaşyk kabul edilen halatynda 1997-nji ýylba gol çekişilen we 2020-njy ýylda möhledi gutarýan Kýoto teswirnamasynyň ýerini alar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar