Asada bagly güýçler türkmen obalaryna hüjüm guraýar

Siriýada Asada bagly güýçler Lazkiýede türkmen obalaryny nyşana alyp howa ulaglaryň goldaw bermeginde gurý ýerden hüjüme başlady

407365
Asada bagly güýçler türkmen obalaryna hüjüm guraýar

Ýerli çeşmelerden alynan maglumatlara görä Asada bagly güýçler oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Türkmen Dagy sebitiniň günortasyna howa ulaglaryň goldaw bermeginde hüjüme başlady.

Kapakly obasyna we onuň töwregine guralan hüjümlere türkmen ýaragly toparlary garşylyk görkezdi.
Çaknyşyklaryň dowam edýändigini we wagtal-wagtal artýandygy mälim edildi.

Beýleki tarapdan bolsa Siriýanyň Ýaragly güýçleri Jebel Ekradaky Jubbul Ahmar obasyna hüjüm gurajak wagty minanyň partlamagy netijesinde 15 esger ýogaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar