Ýurtlaryň wekilleri Siriýa krizisi üçin Wenada ýygnandy

Halkara jemgyýet Siriýadaky oçerki söweş dowam edýän wagty ýurdy dolulygyna dargadan çaknyşyklaryň bes edilmegi we Siriýanyň geljegi üçin çözgüt gözleýär

360571
Ýurtlaryň wekilleri Siriýa krizisi üçin Wenada ýygnandy

Awstriýanyň paýtagty Wenada düýn başlan Siriýa maslahaty şu gün hem dowam etdi.
Türkiýä Daşary işler minstri Feridun Sinirliogly wekilçilik edýän ýokary derejeli maslahata 17 ýurduň wekilleri bilen birlikde ÝB-niň we BMG-nyň wekilleri hem gatnaşdy.
BMG taraplary çeýe bolmaklaryna çagyran Siriýa gepleşiklerine Asady goldaýan Eýran ilkinji gezek gatnaşdyryldy.
Russiýa we Eýran soňky wagtlarda Asada bagly güýçlere goldaw berip söweşe girdiler.
ABŞ-nyň Daşary işler ministri Jon Kerri Wenadaky halkara maslahatda syýasy çözgüdiň tapylmagyny umyt edýändigini, emma onuň kyn boljakdygyny belledi.
BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bolsa Siriýanyň içerki söweşinde taraplary goldaýan ýurtlara milli perspektiwalaryny bir tarapa goýmaklaryna çagyrdy.
ÝB-niň Daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Federika Mogerini hem Pan Gi Mun ýaly Siriýada syýasy çözgüt amala aşyrylmak islenýän bolsa ýurtlara öz bähbitlerini aýyrmalydygyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar