Siriýadaky dartgynlyk dowam edýär

Siriýada Russiýanyň uçarlarynyň terror guramasy DAEŞ-e garşy howa hüjümi dowam edýärkä, ABŞ hem giň-gerimli operasiýa başlatdy

397554
Siriýadaky dartgynlyk dowam edýär

Terror guramasy DAEŞ-iň merkezi diýip hasaplanýan Rakka şäherine guralan 17 howa hüjüminde asuda ilatdan 4 adam ýogaldy. Hüjümiň haýsy ýurduň uçarlary tarapyndan guralandygy bilinenok. Oerasiýada şeýle hem 1 amerikan esger ýogaldy.
Pentagon DAEŞ-iň Siriýadaky ýerlerini nyşana alyp 1 günde 26 howa hüjümi gurandyklaryny we bu guralan hüjümiň şu güne çenli guralan iň uly hüjümdigini mälim etdi.
Operasiýada esasan hem Deýruz Zor sebitindäki Ömer nebit gorlary bilen nebiti gaýtdan işleýän zawdolar nyşana alyndy. Ady agzalan ýerlere hüjüm guramagyň maksady bolsa guramanyň maliýe çeşmelerini ýok etmek diýip beýan edildi.
DAEŞ nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryndan her aý 1 milliard 700 million bilen 5 milliard dollar aralygynda girdeji alýar.
Russiýa hem Siriýada 53 uçyş ýerine ýetirendigini we 72 nyşana hüjüm gurandygyny habar berdi.
Russiýanyp Daşary işler ministrligi DAEŞ-iň häzirki wagtda-da daşary ýurtlardan goldaw alýandygyny nygtap: “Bu goldaw berilmedik bolsa howa hüjümleri bilen DAEŞ-i ýok ederdik” diýip nygtady.
Russiýanyň habarlar gullugy güýçli hüjümler sebäpli Siriýada ýitgi çekýän DAEŞ-iň Yrakdaky güýçlerini bu ýurda geçirýändigini mälim etdi.
Beýleki tarapdan ABŞ Yragyň demirgazygynda DAEŞ tarapyndan zamun alynan 69 adamy halas etdi.
Yragyň Kürt awtonomiýasynyň hökümetiniň haýyşy bilen ýerine ýetirilen halas ediş operasiýasynda halas edilenleriň ählisi arap.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar