Waşington bilen Gawananyň arasynda uçar saparlary başlady

Ýolbaşçylar ýakyndan Florida ştatyndan gämi saparlarynyň başlap biljekdigini nygtaýar

386615
Waşington bilen Gawananyň arasynda uçar saparlary başlady

ABŞ bilen Kubanyň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşýar.
Waşinton bilen Gawananyň arasynda ilkinji uçar saparlary başlady.
Baltimordan uçandan 3 sagat soň Gawana gonan Amerikaly syýahatçylar şäherde gezelenç etdiler.
İýul aýynda bolsa Nýu Ýork bilen Gawananyň arasynda ilkinji uçar sapary guralypdy.
Ýolbaşçylar ýakyndan Florida ştatyndan gämi saparlarynyň başlap biljekdigini nygtaýar.
Kubada 1959-njy ýylda başdan geçirlen agdarlyşykdan soň ABŞ bilen Kubanyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşýar, diplomatik gatnaşyklar bolsa 1961-nji ýylda kesilýär.
ABŞ 1960-njy ýylda Kuba söwda embargosyny goýmaga başlaýar.
Embargolaryň ýatyrylmagy meselesi Amerikan kongresiniň gün tertibinde. Prezident Barak Obama hem kongrese embargolaryň ýatyrylmagy çagyryşyny berdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar