Eýran bilen Ispaniýa energetika taýdan hyzmatdaşlyk eder

“Ispaniýa Eýranyň gazynyň Ýewropa ýetirilmeginde esasy rol oýnap biler”

Eýran bilen Ispaniýa energetika taýdan hyzmatdaşlyk eder

Eýran Günorta Pars giňişliginden çykarlan tebigy gazy suwuklandyrlan gaz hökmünde Ýewropa ýetirilmegi üçin Ispaniýa bilen gepleşikler geçirýär.
Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Nebit ministri Bižen Namdar Zengene bilen Ispaniýanyň Senagat, energetika we syýahatçylyk ministri Hoze Manuel Soria Lopez Tähranda duşuşdy.
Duşuşykdan soň beýanat beren Lopez ýurdunyň eýranly firmalar bilen birlikde önüm öndürmek we Ýakyn Gündogar bazarynda ýer almak isleýändigini belledi.
Lopez “Ispaniýa Eýranyň gazynyň Ýewropa ýetirilmeginde esasy rol oýnap biler” diýdi.
Eýranyň Nebit ministri Bižen Namdar Zengene bolsa “Eýranyň hökümeti ispaniýaly firmalar bilen nebit-himiýa pudagynda hyzmatdaşlyk edilmegine oňyn garaýar” diýdi.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar