Hindistan bilen Bangladeş ýerlerini çalyşýar…

Hindistana degişli 111 etrapçanyň Bangladeşe, Bangladeşe degişli 51 etrapçanyň hem Hindistana berilmegi meýilleşdirilýär

310905
Hindistan bilen Bangladeş ýerlerini çalyşýar…

Hindistan bilen Bangladeşiň arasynda baglaşylan şertnamanyn çäginde iki ýurduň arasynda ýer çalşygyna başlandy.
Güýje giren şertnamada Hindistana degişli 111 etrapçanyň Bangladeşe, Bangladeşe degişli 51 etrapçanyň hem Hindistana berilmegi meýilleşdirilýär.
Degişli etrapçalarda ýaşaýan hindiler bilen bangladeşliler bu karardan hoşal we bu wakany baýramçylyk hökmünde belläp geçýärler.
Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi şertnamany Berlin diwarynyň ýykylmagyna meňzetdi, Bangladeşiň Premýer ministri Şyh Hasina hem esasy meseläniň parahatçylykly ýagdaýda çözülendigini belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar