Yrakda DAIŞ-e agza 35 terrorçy öldürildi

Yragyň Enbar, Salahaddin we Ninowa şäherlerinde guralan operasiýalarda DAIŞ-e agza 35 terrorçy öldürildi

295024
Yrakda DAIŞ-e agza 35 terrorçy öldürildi

Yragyň Ýaragly güýçleriniň beren ýazamaça beýanatynda howpsyzlyk güýçleriniň Enbaryň Germe etrabynda 8 aýry ýere guran operasiýasynda 8 terrorçynyň öldürilendigi we 4 öýe ýerleşdirilen bombanyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýdylýar.

Salahaddiniň Al-Mezraa we Al-Maliha sebitlerinde gurama agza 25 terrorçy öldürildi, 5-i ýaralandy.

Seýýid Garib sebitinde 4 sany ýarag ammaryndaky 27 bomba täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Ninowada DAIŞ bilen Peşmerge güýçleriniň arasynda ýüze çykan ýaragly çaknyşykda bolsa 2 terrorçy öldi, 2 terrorçy we 4 peşmerge ýaralandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar