Obama Ysraýylyň teleýaýlymyna beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama halkara jemgyýetçiliginiň Ysraýylyn iki döwletli çözgüt meselesine çynlakaý çemeleşýändigine ynanmaýandygyny aýtdy

291889
Obama Ysraýylyň teleýaýlymyna beýanat berdi

Ysraýylyň “Kanal 2” teleýaýlymyna beýanat beren Obama Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň saýlawdan ozalky iş möhletinde iki döwletli çözgüdiň bolmajakdygtyny beýan edendigini ýatladyp “Ysraýylyň ygtybaryna zeper ýetirdi” diýdi.
İki tarapyň arasynda häzirki etapda çarçuwaly ylalaşyk gazanma ähtimallygynyň bardygyna ynanmaýandygyny nygtan Obama, emma bu “umytsyzlykdan” çykalga tapmak üçin taraplar bilen işleşmegi tama edändigini aýtdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama Eýran bilen dowam etdirilýän ýadro gepleşikleri barasynda-da durup geçip; “Netanýahunyň Ysraýylyň howpsyzlygyny pikir edýändigine ynanýaryn. Men hem Ysraýylyň halkyna uly sarpa goýýaryn we Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmegini üpjün etmegiň Ysraýyl üçin bähbit getirjekdigini pikir edemok. Onuň iň gowy ýoly hakykatlara laýyk ylalaşyk gazanmakdyr. Bu mesele harby ýollardan çözülmez. Harby çözgüde Amerika hem degişli bolsa, Eýranyň ýadro maksatnamasyny wagtlaýynça bökdäp biler, emma dolulygyna ýok edip bilmez” diýdi.
Obama sanksiýalaryň Eýranyň öňüni alyp bilmejekdigini nygtap, harby ýolun diňe wagtlaýyn çözgüt bolup biljekdigini nygtady we “Häzirki wagtda üstünde işlenýän ylalaşyk atom bomba ähtimallygyny 20 ýyl möhlet bilen ortadan aýyrma potensialyna eýe” diýip, nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar