BMG türk gämisine guralan hüjümi ýazgardy

ABŞ hem hüjümde ýogalan türk kapitanynyň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirdi

270787
BMG türk gämisine guralan hüjümi ýazgardy

BMG Liwiýanyň suw giňişliginde türk ýük gämisine guralan, türk gämi kapitanlaryndan biriniň ýogalmagyna, käbirleriniň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümi ýazgaryp, wakanyň giňişleýin derňelmegini talap etdi.
BMG-niň Liwiýadaky wekilhanasyndan berilen beýanatda: “BMG-niň Liwiýadaky wekilhanasy Liwiýadaky ähli harby ýolbaşçylara operasiýalarynda ünsli çemeleşmekleri, çaknyşyklarda asuda ilaty we harby däl nyşanalary urmazlyga çagyrýar” diýilýär.
BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisiniň kömekçisi Farhan Hak bolsa Ortaýer denzinde harby bolmadyklara guralan her bir hüjümiň “aladalandyryjydygyny” aýtdy.
ABŞ hem hüjüme sezewar bolan ýük gämisinde ýogalan türk gämi kapitanynyň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirdi.
Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Meri Herf gündelik metbugat ýygnagynda mesele alada bildirýändiklerini nygtap: “Hüjümde ýogalan türk kapitanynyň hossarlaryna duýgudaşlyk, ýaralananlara şypa dileýäris. Liwiýa meselesinde aýdyşymyz ýaly, BMG-niň we BMG-niň Liwiýadaky ýörite wekiliniň ýurtda milli jebislik hökümetiniň gurulmagy ugrunda alyp barýan tagallasyny goldamaga dowam edýäris” diýdi.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem hüjüm barada “Diplomatik tagallalarymyzy etdik. Notamyzy we garşlygymyzy ugratdyk” diýipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar