Eýran bilen ylalaşyk gazanyldy

Ýadro gepleşiklerinde esasy ugurlar boýunça ylalaşyk gazanyldy

223824
Eýran bilen ylalaşyk gazanyldy

Eýran bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasy we Germaniýanyň arasynda geçirlen ýadro gepleşiklerinde esasy ugurlar boýunça ylalaşyk gazanyldy.
Eýran embagrolaryň bes edilmegi şerti bilen ýadro maksatnamasyny çäklendirmegi kabul etdi. Eýran santifruganyň sanyny 19 müňden 6 müňe çenli aşakladar.
Fordo desgasy bolsa açyk bolar uranyň kämilleşdirilmegi üçin däl eýsem ylmy barlag maksady bilen ulanylar.
ÝB-niň Ýokary wekili Federika Mogherini täze guruljak reaktoryň dizaýnynyň üýtgediljekdigini we şol reaktorda ýadro ýarag önümçiliginde ulanyljak derejede uranyň kämilleşdiriliş işleriniň geçirlip bilinmejekdigini nygtady.
Eýranyň beren wadalaryny ýerine ýetirendigi Halkara Atom energiýasy gullugy tarapyndan tassyklanan halatynda ÝB we ABŞ tarapyndan goýlan embargolar hem bes ediler.
Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani şertnamanyň tekstiniň taýarlanmaga başlanjakdygyny we 30-njy iýuna çenli tamamlanjakdygyny nygtady.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri ýetilen soňky sepgit barada “indi taraplaryň kynçylyklaryny çözmek üçin esasy ugurlary kesgitlendi” diýip belledi.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama görä ylalaşyk ýadro krizisiniň çözülmeginde “iň gowy alternatiw”

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar