ABŞ-nyň Günorta Koreýadaky ilçisiniň janyna kast edildi

ark Lippert paýtagt Seulda pyçakly hüjüme sezewar boldy

249970
ABŞ-nyň Günorta Koreýadaky ilçisiniň janyna kast edildi

ABŞ-nyň Günorta Koreýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly baş ilçisi Mark Lippert paýtagt Seulda pyçakly hüjüme sezewar boldy.
Paýtagt Seulda geçirlen maslahata gatnaşýarka hüjüme sezewar bolan baş ilçi Lippert ýüzünden we bileginden ýaralandy.
42 ýaşyndaky Lipperdiň hassahanada bejeriş astyna alynandygy we saglyk ýagdaýynyň gowydygy habar berildi.
“Günorta we Demirgazyk Koreýaly birleşmeli” diýenden soň baş ilçä hüjüm eden hüjümçi Kim Ki Ýonguň göz tussaglygyna alynandygy nygtaldy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy hüjümi ýazgardy, Prezident Barak Obama hem Mark Lippet bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrligi bilen hüjümi ýazgarýan beýanat berdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar