Owganystanda türk raýatynyň ulanýan ulagy nyşana alyndy

Owganystanda guralan hüjümde 1 türk raýaty ýogaldy

238011
Owganystanda türk raýatynyň ulanýan ulagy nyşana alyndy

Owganystanyň paýtagty Kabulda bomba ýüklenen ulag bilen guralan kamikaze hüjüminde 1 türk raýaty ýogaldy, 1-i hem ýaralandy.
Hüjümde ýoldan geçip barýan 1 owgan hem ýogaldy.
Hüjümiň jogapkärçiligini Taliban öz üstüne aldy.
Owganystanyň İçeri işler ministriniň orunbasary Eýup Salanýi hüjümde türk raýatynyň ulanýan ulagynyň nyşana alynandygyny aýtdy.
Hüjümiň ertiriň irki sagatlarynda Türkiýäniň, Germaniýanyň we Eýranyň ilçihanalarynyň ýerleşýän sebitinde guralandygy habar berildi.
Hüjümde ölen we ýaralanan türk raýatlarynyň şahsyýetleri barada maglumat berilmedi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar