Hytaý bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wang Ýi Eýranda saparda bolýar

219930
Hytaý bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar

Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wang Ýi Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani tarapyndan kabul edildi.
Prezidentiň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanata görä kabul edilşikde senagat, ylym, tehnalogiýa, syýahatçylyk, demir ýol we port, energetika we oba hojalyk bilen birlikde bankçylyk taýdan edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegi barada pikir alyşyldy.
Prezident Ruhani resmi Tähran bilen resmi Pekiniň uzak ýyllardan bäri dowam edýän gatnaşyklaryny ähli taraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine götermeginiň wagtynyň gelendigini aýtdy.
Prezident Ruhani häzirki şertleriň we sebitara wakalaryň iki ýurduň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegini mejbury ýagdaýa getirýändigini belledi.
Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri hem ýurdunyň Eýran bilen strategiýa taýdan ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini nygtady


Etiketkalar:

Degişli Habarlar